Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) COVID-19 ýokanjynyň ýüze çykmagynyň sebäplerini öwrenmegini dowam etmekçi, bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Report» neşiri ýazýar. Bu barada guramanyň baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus täze howply patogenler boýunça hünärmenleriň ylmy-maslahat beriş toparynyň (SAGO) ýygnagynda çykyşynda aýtdy. Gebreýesus bu barada söz açyp, ýokanjyň ilkinji gezek hasaba alnan ojaklaryny, haýwandan adama geçişini çuň seljermegiň wajypdygyny belledi. Ol şeýle-de BSGG-niň ýokanjyň ýüze çykmagynyň sebäplerini anyklaýança bu işi bes etmejekdigini sözüniň üstüne goşdy. Baş direktor munuň geljekde döräp biläýjek ýokançlaryň öňüni almakda peýdaly boljakdygyny hem aýtdy diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir