Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler ştaby DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň deslapky oýunlary üçin giňeldilen düzümi yglan etdiler. Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen futbolçylary noýabr aýynda iki oýunda — 16-njy noýabrda Aşgabatda Özbegistana, 21-nji noýabrda bolsa myhmançylykda Gonkonga garşy meýdança çykarlar. Giňeldilen düzümden 28 oýunçy orun aldy: derwezeçiler: Rahat Japarow («Ahal») Rüstem Ahallyýew («Ahal») Resul Çaryýew («Arkadag») goragçylar: Ata Geldiýew («Ahal») Bagtyýar Gürgenow («Ahal») Şöhrat Söýünow («Ahal») Güýçmyrat Annagulyýew («Arkadag») Abdy Bäşimow («Arkadag») Ybraýym Mämmedow («Arkadag») ýarymgoragçylar: Röwşen Halmämmedow («Altyn asyr») Ilýa Tamurkin («Arkadag») Welmyrat Ballakow («Arkadag») Meýlis Durdyýew («Arkadag») Arslanmyrat Amanow («Arkadag») Alibek Abdyrahmanow («Ahal») Yhlas Magtymow («Şagadam») Akmämmet Mätdäýew («Nebitçi») Ruslan Mingazow («Kitçi», Gonkong) Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyzystan) hüjümçiler: Elman Tagaýew («Ahal») Ýazgylyç Gurbanow («Ahal») Didar Durdyýew («Arkadag») Şanazar Tirkişow («Arkadag») Altymyrat Annadurdyýew («Arkadag») Şamämmet Hydyrow («Köpetdag») Myrat Annaýew («Altyn asyr») Selim Nurmyradow («Altyn asyr») Rahman Myratberdiýew («Altyn asyr»)

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir