2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileri bilen ýük daşamagyň umumy mukdary, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,8 göterim ýokarlandy we 1,884 million tonna barabar boldy. Umuman, flotyň 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýük daşamak meýilnamasy 129,9 göterim ýerine ýetirildi diýip, «nCa» internet portaly habar berýär. 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary üçin ýük dolanyşygy 789,134 million tonna bolup, bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20,1 göterim ýokarydyr. Netijede, ýanwar-oktýabr aýlaryndaky ýük dolanyşygy meýilnamasy 229,2 göterim ýerine ýetirildi diýip, çeşme belleýär. 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryndaky ýolagçy dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 58,7 göterim artdy we 7,912 million ýolagçy kilometre barabar boldy. Şeýlelik bilen, bu babatdaky meýilnama 240,9 göterim ýerine ýetirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir