Fransiýanyň demirgazyk-günbataryndaky etraplaryň köpüsi heniz hem suwa gark bolmagynda galýar diýip, «Habar 24» ýazýar. Eýýäm hepdeläp dowam edýän güýçli ýagyşlar sebitde sil joşmalaryny döretdi. Fransiýanyň Pa-de-Kale etrabynda çagalar baglarydyr mekdepler ýapyldy. Ilatly ýerleriň onlarçasy çekilen ýitgiler üçin öweztölegini sorap, ýüz tutdy. Ýurduň hökümeti raýatlara suwuň gark eden jemgyýetçilik infrastrukturasyny dikeltmekçidigini habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir