23 – 28-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 15 türgen gatnaşar. Bu bolsa ýaryşyň maksatnamasyna girizilen agram derejeleriniň her biri boýunça bir türgeniň Türkmenistana wekilçilik etjekdigini görkezýär. Dünýä çempionatyndaky agram derejeleriniň 7-si erkekleriň, 8-si bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşa degişlidir. Has takygy, erkekleriň arasynda 60, 66, 73, 81, 90 we 100 kilograma çenli hem-de 100 kilogramdan ýokary; zenanlaryň arasynda 48, 52, 57, 63, 70, 78 we 87 kilograma çenli we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde ýaryşlar geçiriler. Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy: Baş tälimçi: Dörtguly Tejenow, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi; Wepa Awliýakulyýew – 60 kilograma çenli agram derejesinde; Döwlet Hemrakulyýew – 66 kilograma çenli agram derejesinde; Şatlyk Jumanyýazow – 73 kilograma çenli agram derejesinde; Daýanç Omirow – 81 kilograma çenli agram derejesinde; Sanjar Abdyrahmanow – 90 kilograma çenli agram derejesinde; Ruslan Esgerow – 100 kilograma çenli agram derejesinde; Sapa Sapaýew – 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy: Baş tälimçi: Şirin Kubaýewa, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi; Aýşirin Haýdarowa – 48 kilograma çenli agram derejesinde; Aýnur Amanowa – 52 kilograma çenli agram derejesinde; Gülşat Annaýewa – 57 kilograma çenli agram derejesinde; Dinara Rozykulowa – 63 kilograma çenli agram derejesinde; Mariýa Lohowa – 70 kilograma çenli agram derejesinde; Sabina Kadyrowa – 78 kilograma çenli agram derejesinde; Jahan Muhammedowa – 87 kilograma çenli agram derejesinde; Sabina Agajanowa – 87 kilogramdan ýokary agram derejesinde.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir