«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri «Türkmentel – 2023» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde 2-nji ýeri eýeledi. Hususan-da, «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Sanly ulgam maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni Kerim Muhammetdurdyýew özüniň taýarlan «Edara-kärhanalarda awtoulag parkyny sanly ulgamyň kömegi bilen dolandyrmak» atly programma üpjünçiligi bilen bäsleşikde baýrakly orna mynasyp boldy. Bu programma üpjünçiligi awtoulag parkyny we awtoulag serişdelerini bir penjireden dolandyrmak üçin wideo gözegçiligini hem-de emeli intellekti peýdalanýar. Ol girýän-çykýan awtoulaglary anyklamaga, şol bir wagtyň özünde olar baradaky maglumatlary SMS-serwisi arkaly dolandyryş nokadyna habar bermäge, awtoulag serişdeleriniň gündeki harçlaýan ýangyçlaryny, gerekli bolan ätiýaçlyk şaýlaryny hasaba almaga we hasabatlary ýöretmäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir