Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ikinji güni dowam edýär. Festiwalyň çäginde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary halkara festiwala gatnaşyjylara «Ak gämi» atly sahna eserini görkezdiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, Çingiz Aýtmatowyň eseri Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyryldy. Sahna eserinde Süleýman Gurbanow Nurgazynyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Akmyrat Arçikow Mömin aganyň, Gerek Hojamämmedowa öý bikesiniň, Gülşat Meňliýewa Bekeýiň, Sülgün Täşliýewa Güljemalyň, artistler Döwran Hojageldiýew Orazkulyň, Süleýman Eminow Seýitahmediň, Söhbet Täçmämmedow Koketaýyň, Allaberdi Öwezow satyjynyň, Şirgeldi Saparow sürüjiniň keşplerinde çykyş edýärler. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde Çingiz Aýtmatowyň eserleri esasynda «Ak toprak» hem-de «Elwan ýaglykly serwim» ýaly oýunlar sahnalaşdyrypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir