Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň 3-nji saýlama oýny 28-nji noýabrda bolar. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berdi. Ozal habar berşimiz ýaly, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar bilen geçirilýär. Bäsleşigiň şu möwsümdäki III saýlama oýnunyň temasy bolsa «Owşar döwletiniň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary» diýlip atlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, oýna gatnaşjak okuwçylara şu salgyda görkezilen edebiýatlar boýunça taýýarlanmak maslahat berilýär. Ýeri gelende bellesek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi 2021-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Bäsleşigiň esasy maksady türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň arasyndan diplomatiýa hünärine höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat. Häzirki wagtda bu bäsleşigiň I möwsüminiň ýeňijileriniň we gatnaşyjylarynyň 9-sy, II möwsüminiň ýeňijileriniň we gatnaşyjylarynyň 11-si Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bilim alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir