Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, onuň dowamynda ekologiýa, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada pikir alşyldy, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ministriň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegini durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitleýär. Türkmenistan tarapyndan 2016-njy ýylda tassyklanan Howa boýunça Pariž ylalaşygyny döwletimiziň işjeň goldaýandygy we kabul edilen borçnamalara laýyklykda Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň täze neşiriniň 2019-njy ýylda tassyklanandygy nygtaldy. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ählumumy daşky gurşaw meselelerini çözmegiň halkara, sebit we milli derejelerde tagallalary birleşdirmegi talap edýändigi barada umumy pikiri beýan etdiler. Halkara guramalary bilen utgaşdyrylan işlerde köptaraplaýyn we ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň zerurlygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy ýöriteleşdirilen gurluşy — merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjynyň möhümdigini tassyklady. Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler atmosferadaky metan zyňyndylaryny azaltmak meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem Ählumumy Metan borçnamasy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şu ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabry aralygynda Dubaýda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 28-nji mejlisiniň (COP 28) gün tertibi barada pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir