Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow hem-de toparyň derwezeçisi Rahat Japarow DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň deslapky oýny bolan Özbegistan bilen duşuşygyň öňýanynda öz pikirlerini paýlaşdylar. — Türgenleşikler meýilnama boýunça geçirildi, ähli ýigitleriň ruhy taýýarlygy ýokary derejede. Oýna taýýarlyk hem işjeň ýagdaýda. Ertir janköýerleriň gyzgyn goldawyna we oňyn netije gazanmaga garaşýarys — diýip, Orazow belledi. — Siz noýabr aýyndaky oýunlara 28 oýunçyny çagyrdyňyz. Bu gutarnykly kararmy ýa-da üýtgeşmeler bolarmy? – Birnäçe oýunçylar şikes aldylar, şonuň üçin hem käbir üýtgeşmeler bolar. 28 oýunçynyň içinden Özbegistan bilen oýnajak 23 futbolçyny saýlarys. Gonkonga bolsa 24 oýunçy bilen uçarys. – Milli ýygyndyda düzümi ýaşartmak işleri başlandy. Bu tebigy ýagdaýmy ýa-da hut siziň taktiki özgertmeleriňizmi? – Biz bu babatda ähli şertleri göz öňünde tutýarys: oýunçylaryň ýaşyny, taktiki gurluşy hem-de düzüme ýuwaş-ýuwaşdan ýaş oýunçylary çekmekligi. Ähli taktiki we fiziki ýagdaýlary hem gözden salamyzok. Eger-de üns beren bolsaňyz, geçen gezekki ýygnanyşyk bilen deňeşdirenimizde üç sany täze oýunçyny çagyrdyk. Olar milli çempionatda özlerini oňat tarapdan görkezdiler. Iň esasy görkeziji — oýunçynyň şu wagty oýun formasynyň nähilidigi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir