Her ýylda dünýäde 80 ýanardag çogmasy hasaba alynýar diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýanardaglaryň käbiriniň çogmasy garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçýär, şonuň üçin olary deslapdan anyklamak kyn düşýär. Bu gün jahanyň dürli künjeklerinde iň iri ýanardaglarda işjeňlik hasaba alynýar, olar jahankeşdeleriň arasynda meşhur ýerlerde ýerleşýär. Olaryň biri-de Islandiýada. Bu ýerdäki Fagradalsfýadl ýanardagy giden şäheri ýok edip biljek. Ýerli häkimiýetler bu ýerdäki Mawy aýlag şypahanasyny hem ýanardag çogmasy sebäpli ýapmaga mejbur boldular. Oňa her ýyl dünýäden millionlarça adam barýar. Häzirki gün dünýäde 800 töweregi hereket edýän ýanardag bar. Olar golaýda ýaşaýan adamlar üçin howp döredýär. Bu ýyl Meksikadaky, Russiýadaky, Italiýadaky ýanardaglarda üýtgeşmeler hasaba alyndy. Islandiýada ýanarda çogmasyna güýçli taýýarlyk görýärler. Grindawik şäherjigine eltýän ýollar ýapyldy, sebitden 4 müňe golaý adam göçürildi. Eýýäm ýurduň jahankeşdelik künjeginde binalaryň zeper ýetenleri bar, ýollarda jaýryklar emele geldi. Bu ýerde ýerasty sarsgynlar hasaba alynýar, mysal üçin, bir gije-gündizde olaryň 600-e golaýy özüni bildirdi.