Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda polýak aýdymçysy, «Bornus Consort» ansamblyny esaslandyryjy, taryhy aýdymlary öwreniji we timarlaýjy Marsin Sçysinskiý bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. 14-nji noýabrda bolan duşuşykda «Ýewropanyň mukamlarynyň Gündogar däpleri» atly tema bilen bagly meseleler gozgaldy. Marsin Sçysinskiý çykyşynyň başynda Günbatar ýurtlarynda dörän, onunjy ýüz ýyllyga degişli bolan nota ýazgylarynyň aýratynlyklarynyň üstünde durup geçdi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda aýdymçy Günbataryň hem Gündogaryň saz medeniýetiniň aýratyn taraplaryny bildirdi. Marsin Sçysinskiý gürrüňi edilýän döwre degişli aýdymlaryň ses ýazgylaryny gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Duşuşygyň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymdyr-sazlar ýaňlandy.