Aşgabatda hem-de Arkadag şäherlerinde geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly dowam edýär. Halkara festiwala gatnaşmaga gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň döredijilik topary halkara festiwalyň ikinji güni «Gelmişek» atly sahna eseri bilen çykyş etdi.Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Sahna eseri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkezildi. Sumbel Gaffarowanyň pýesasy esasynda Farid Bikçantaýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Gelmişek» spektakly gyzykly wakalara baý. Habarda bellenilişi ýaly, bu eser 2017-nji ýylda sahnalaşdyrylyp, ilkinji gezek şol ýylyň 14-nji oktýabrynda tatar halkyna görkezilýär.