Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly dowam edýär. Festiwalyň ikinji gününde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň halkara festiwala getiren «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna eseri görkezildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi. Azerbaýjanyň halk ýazyjysy Ilýas Efendiýewiň eseri esasynda Azerbaýjanyň at gazanan artisti Logman Kerimowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna eseri halkara teatr festiwalyna gatnaşan myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Durmuşy wakalary beýan edýän sahna eseri ilkinji gezek 2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda azerbaýjan halkyna görkezildi. Habarda bellenilişi ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet sazly drama teatry halkara derejesinde geçirilen teatr festiwallaryň birnäçesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başarypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir