14-nji noýabrda Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) Baş konsuly Batyr Ýolow Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaka Konsullyk patentini gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynyň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şeýle-de, diplomatlar geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýratyn nygtadylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir