Ertir — 16-njy noýabrda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde Mary welaýatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, döwlet Baştutany Gutlagynda şeýle belleýär: — Hormatly adamlar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekillerini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçilerini özünde jemleýän bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilimde, ylymda we innowasiýada, medeniýetde we sungatda ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda Bitarap Türkmenistanyň toplan baý tejribesi, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýaşlaryň orny ýaly örän möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyljak bu forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ählumumy parahatçylyk we bähbitler göz öňünde tutulyp, halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder. Halkara ýaşlar forumyna gatnaşýan eziz ýaşlar! Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşy, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler biziň halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geljek ýüzýyllyklara nusga boljak ägirt uly işlere badalga berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň uzak geljegini — 2022 — 2052-nji ýyllary öz içine alýan döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Milletimiziň agzybirligi, jemgyýetimiziň jebisligi, ýaş raýatlarymyzyň döredijilikli başlangyçlary bu gün bize içeri we daşary syýasatymyzy sazlaşykly alyp barmaga, döwlet gurluşyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de has-da kämilleşdirmäge oňyn şertleri döredýär. Taryhyny adamzat siwilizasiýasynyň irki döwürlerinden alyp gaýdýan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary bilen birlikde, türkmen halky hem öz durmuş-medeni nusgasyny, parahatçylygy we agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döredipdir. Bu ýörelgeler häzirki döwrüň örän ýokary derejede ösýän ylmy-tehniki pikirleri, tehnologiýa babatda ýokary ösüşler we mümkinçilikler, dünýäde giňden ykrar edilýän halkara başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşyp, biziň şu günki alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýärler. Bu esaslar ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş döwlet hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraýynyň has-da artmagyna uly itergi berýärler. Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyz halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän giň gerimli we strategik maksatnamalar, ösüşiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly milli nusgasy, iri halkara guramalaryň belent münberlerinden adamzadyň parahat we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna öňe sürlen derwaýys başlangyçlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerilip, dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary bilen ýola goýulýan dost-doganlyk gatnaşyklary dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwalynyň geçirilmegi hem halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine ýardam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir