Şu gün Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa» («CASCA +») halkara multimodal ulag-üstaşyr ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi öz işine başlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, çärä Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem logistika kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Duşuşyk logistika düzümleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, «CASCA+» ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, awtoulag, deňiz, demir ýol we howa ulaglary bilen ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek maksady bilen, gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagy bilen bagly meselelere bagyşlandy. Mejlisde edilen çykyşlarda «Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa» halkara multimodal ulag-üstaşyr ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky mejlisiniň bu ulag taslamasynyň esasy agza döwletleriniň biri hem-de Ýewropadan Aziýa ýük daşamalarynda möhüm strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Gün tertibine girizilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary işjeňleşdirmäge hem-de ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam berjekdigi-de nygtaldy. Çykyş edenler şu gezekki duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň aýratyn ähmiýetini nygtap, demir ýol ulagy we logistika ýaly geljegi uly ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy ýagdaýynda özara ýakynlaşmagyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny bellediler. 3 günlük mejlisiň dowamynda «CASCA+»-yň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Teswirnama gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. Foruma gatnaşyjy myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir