Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow hem-de toparyň derwezeçisi Rahat Japarow DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň deslapky oýny bolan Özbegistan bilen duşuşygyň öňýanynda öz pikirlerini paýlaşdylar. — Türgenleşikler meýilnama boýunça geçirildi, ähli ýigitleriň ruhy taýýarlygy ýokary derejede. Oýna taýýarlyk hem işjeň ýagdaýda. Ertir janköýerleriň gyzgyn goldawyna we oňyn netije gazanmaga garaşýarys — diýip, Orazow belledi. — Siz noýabr aýyndaky oýunlara 28 oýunçyny çagyrdyňyz. Bu gutarnykly kararmy ýa-da üýtgeşmeler bolarmy? – Birnäçe oýunçylar şikes aldylar, şonuň üçin hem käbir üýtgeşmeler bolar. 28 oýunçynyň içinden Özbegistan bilen oýnajak 23 futbolçyny saýlarys. Gonkonga bolsa 24 oýunçy bilen uçarys. – Milli ýygyndyda düzümi ýaşartmak işleri başlandy. Bu tebigy ýagdaýmy ýa-da hut siziň taktiki özgertmeleriňizmi? – Biz bu babatda ähli şertleri göz öňünde tutýarys: oýunçylaryň ýaşyny, taktiki gurluşy hem-de düzüme ýuwaş-ýuwaşdan ýaş oýunçylary çekmekligi. Ähli taktiki we fiziki ýagdaýlary hem gözden salamyzok. Eger-de üns beren bolsaňyz, geçen gezekki ýygnanyşyk bilen deňeşdirenimizde üç sany täze oýunçyny çagyrdyk. Olar milli çempionatda özlerini oňat tarapdan görkezdiler. Iň esasy görkeziji — oýunçynyň şu wagty oýun formasynyň nähilidigi. – Milli ýygynda käbir sebäplere görä çagyrylmadyk oýunçylar hem barmy ýa-da bu iň güýçli düzümmi? – Milli ýygynda goşulyp bilmedik we şikes alan birnäçe oýunçylar bar. Goragçy Wepa Jumaýew hem şeýle şikes alan oýunçylaryň hatarynda. Ýöne biz onuň Gonkonga garşy geçjek oýna çenli milli ýygyndynyň düzümine goşuljakdygyna bil baglaýarys. Umuman, biz özümize gerek oýunçylary synladyk. Garaz, ertir meýdança iň güýçli düzüme golaý topar çykar diýip bileris. – Ertirki oýunda nähili usullaryň hasabyna garşydaşyň goragyny böwsüp geçmegi meýilleşdirýärsiňiz? – Özbegistan – örän güýçli ýygyndy. Onuň düzüminde daşary ýurtlaryň toparlarynda, öňdebaryjy çempionatlarda çykyş edýän köp sanly oýunçylar bar. Biz olar bilen CAFA Cup-2023 turniriniň çäginde hem duşuşyp, erbet hem oýnamandyk. Şol wagt biz taýýarlygyň deslapky tapgyryndadyk. Emma bu gezek garşydaşy, onuň ABŞ, Meksika, Wýetnam we Hytaý bilen geçiren soňky oýunlaryny oňat öwrendik. Garşydaşyň güýçli taraplaryny seljerip, öz oýunçylarymyzy gorag oýnuna taýýarladyk. Bizde hüjüm üçin hem häzir mälim edip bolmajak göz öňünde tutulan meýilnamalar bar. Emma biz oýna taýýar. Esasy zat — oýunçylaryň ruhy taýýarlygy. Öz meýdançamyzda bizi stadionda ýakynlarymyz we ildeşlerimiz goldarlar. Bu bolsa uly artykmaçlyk. Soňuna çenli göreşeris. Oýun biziň üçin oňyn netije bilen tamamlanar diýip hasaplaýarys. – Toparçadan çykmak mümkinçiligiňize nahili garaýarsyňyz? – Toparçanyň güýçli ýygyndylardan düzülendigini göz öňünde tutsak, toparça ýeterlik derejede çylşyrymly. Eýran hem, Özbegistan hem reýting babatda-da, oýun babatda-da örän güýçli ýygyndylar. Şeýle-de Gonkong hem dördünji sebetçedäki güýçli ýygyndylaryň biri. Ýöne biziň ýigitlerimiz ahyryna çenli göreşmäge taýýar. Bu olaryň türgenleşiklerinde we ruhy ýagdaýlarynda aýdyň görünýär. Biz diňe oňyn netijelere garaşýarys. Has hem öz öýümizde. Umuman, biz hemişe toparçadan çykmaga ymtylýarys we özümizi hiç haçan toparçanyň asgyn ýygyndysy hasaplamaýarys. Biz ýokary derejede oýnamaga taýýar. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen oýunçylarynyň daşary ýurtlarda çykyş etmekleri bilen bagly sowal hem berildi. Mergen Orazow ýygyndynyň daşary ýurtlarda çykyş etmek isleýän ýaş oýunçylaryna öz maslahatlaryny berdi. Ol, eger-de, türkmen oýunçylary daşary ýurtlaryň güýçli toparlarynda oýnasalar, munuň ýygyndy üçin hem bähbit boljakdygyny belledi. – Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy çempionatlarynda hem-de toparlarynda çykyş edýän oýunçylar milli ýygyndy üçin, dogrudan hem, uly haýyr getirýärler. Häzirki wagtda biz bu ugurda Federasiýa bilen bilelikde degişli işleri alyp barýarys. Geljekde ýaşlarymyz üçin şeýle mümkinçilikleriň has köp boljakdygyna umyt edýäris. Rahat Japarow: «Öýümizde biz diňe ýeňiş üçin oýnaýarys» – Biz bu oýna uzak wagtlap we pugta taýýarlyk gördük. Garşydaşymyz mynasyp we güýçli topar. Garaz, ertir biz meýdançada tälimçiniň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirip, öz oýnumyzy görkezeris. Elbetde, biz ýeňşe ynanýarys, çünki biz öz öýümizde oýnaýarys ahyry.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir