Rio-de-Žaneýroda howanyň derejesi Selsiý boýunça 58,5 gradusa ýetdi we öň hasaba alnan rekorddan hem geçdi diýip, ýerli «Folha de S.Paulo» gazetine salgylanýan «News.ru» habar berýär. Ýerli howa gulluklary termometrleriň 39 gradusy görkezýändigini hasaba aldylar, emma häkimiýetler bu sanyň raýatlaryň duýýan yssy howasynyň hakyky derejesinden pesdigini anykladylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, şäheriň ýaşaýjylary howanyň derejesini 58,5 gradus duýdular, bu Rio-de-Žaneýroda synlamalaryň bütin taryhynda iň ýokary derejedir. Öň duýulýan yssy howa diýilýän jokrama yssyny şäherliler 2023-nji ýylyň fewralynda başdan geçirdiler diýlip, habarda bellenýär. Häzir Braziliýanyň 15 ştatynda çakdanaşa yssy howa sebäpli, howplulygyň iň ýokary derejesi yglan edildi. Ýurtda sowadyjylaryň çakdanaşa köp ulanylmagy bilen baglylykda, elektrik togunyň köp sarp edilýändigi hasaba alyndy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir