Çehiýanyň Masarika uniwersitetiniň alymlary agşam we gije ykjam telefondan peýdalanmagyň zyýanlydygy barada garaýşy ýalana çykardylar. Ylmy barlaglaryň netijeleri «ScienceDirect» neşirinde çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Smartfonlaryň uka täsirine köp sanly ylmy barlaglar bagyşlandy. Uklamazdan öň telefona güýmenmek netijesinde doly ukyny almazlygyň ýetginjekleriň okuwa ýetişigine, psihiki we fiziki saglygyna zyýanlydygy aýdylýardy. Çehiýaly alymlar muny öwrenmek kararyna geldiler. Täze ylmy barlaglara 13-17 ýaş aralygyndaky 203 çehiýaly ýetginjek gatnaşdyryldy. Olar öz smartfonlaryna enjamyň 14 günüň dowamyndaky işi barada maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýän ýörite goşmaçany ýüklediler. Alymlar telefonyň ulanylmagynyň dowamlylygynyň we wagtynyň ukynyň umumy dowamlylygyna we hiline hem-de her günki ukuçyllyga täsirini derňediler. Netijede, garaşylanynyň tersine, smartfonyň ulanylmagy bilen ukynyň ýagdaýynyň arasynda hiç hili baglanyşygyň ýokdugy anyklandy. Ukuçyllyk görlüp oturylsa, ukynyň umumy dowamlylygynyň kemelmegi ( şol sanda telefona köp güýmenilmegi bilen baglylykda hem) bilen bagly bolup çykdy. Ýagny alymlar ukynyň doly alynmagynyň gajetleri gijelerine ulanmak bilen bagly bolmadyk beýleki sebäplere görä hem döräp biljekdigini aýdýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir