Türkmenistan 23 ― 28-nji noýabr günlerinde Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyny diňe bir kabul ediji ýa oňa gatnaşyjy däl-de, eýsem, adalatly eminlik bilen hem görelde görkezer. Kuraş boýunça halkara assosiasiýa dünýä çempionatynyň tutluşyklarynda türkmenistanly hünärmenleriň dördüsine eminlik etmegi ynandy. Olardan Rejepbaý Aşyrow bilen Feruddin Hudaýberdiýew iki ýyldyzly, Kuwwat Nuryýew bilen Öwezmuhammet Atalyýew bolsa bir ýyldyzly eminlerdir. Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Kuraş boýunça halkara assosiasiýa tarapyndan eminleriň we tälimçileriň halkara derejeli gysga möhletli okuwlary geçiriler. Şol okuwlardan soň synaglaryny üstünlikli tabşyran eminlere we tälimçilere nobatdaky derejeler berler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir