Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň Appaz Žaýnakow adyndaky sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Türkmenistanda dowam edýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda «Magtymguly Pyragy» atly sahna eseri bilen çykyş etdiler. 15-nji noýabrda türkmenistanly režissýor Umrathan Meläýewanyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Magtymguly Pyragy» spektakly türkmen halkynyň meşhur akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk söýgüsi barada gürrüň berýär. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir