„Her bir jan ölümi dadyjydyr. We kyýamat gününde hiç şek- şübhesiz ajyr (paý) sogaplaryňyzy kemally suratda alarsyňyz. Bes, kim Dowzahdan çetleşdirilip, Jennete girizilse, ebedi (bagt-sagadat) gazanýar. Budünýäniň ýaşaýyşy bolsa, aldaýyjy matadyr.” (3/185) buýuran Allaha hamdy-senalar bolsun. “Ölini üç zat ugradýar: onuň garyndaşlary, baýlygy we eden işleri. Olardan ikisi yzyna dolanýar, biri bolsa, onuň bilen bile galýar. Garyndaşlary we baýlygy yzyna dolanýar, eden işleribolsa, onuň bilen bile galýar.” diýen Allahyň Resuly Muhammede Allanyň salatu- salamy bolsun. Ynha biz bu ýere ahyreti ýatlamaga geldik. Bu ýer ahyreti ýatlama weoňa taýýarlyk görme ýeridir. Gabyrda Allah ynsandan üç zady soraýar. Alymlarymyzmuňa “üç esas” diýýärler. Alla ony sorag edýär we synaýar.Allanyň dogry jogap bermek üçin ugrukdyran we ýardam eden adamsy nähili bagtly! We fitneleredüşüp, dogry jogapdan ýüz towlan adam nähili betbagtdyr! Eý meniň doganlarym, berk belläň, berk belläň eziz doganlarym, Alla size merhemet etsin: bu soraga dogry jogap bermäge ýardam edýän zat tomlarça kitap okamak däldir. Kapyrlaryňhem köpüsi bu ylymlary bilýär, özlerine musulman diýýän mürtedler hem bu ylymlary bilýärler, Yslamagarşy söweşýänleriň hem köpüsi bu hadislardan habardar. Dogry ýolda ýardam edýän zat: şuüç esas üçin ýaşamakdyr. Senden soraljak üç esas: seniň diniň, seniň Pygamberiň we seniň Rebbiňdir. Senden birinji soraljak sorag: “Rebbiň kim?” Biziň hemmämiz biziň Rebbimiziň Alla Tagaladygyny bilýäris we bu dünýäde bizden muny sorasalar, berjek jogabymyz hemşoldyr. Ýöne eger adam tutuş ömrüni Alladan ýüz döndürip ýaşan bolsa, şonda-da şu ýerde, şu çukurda Alla onuň jogabynyň dogry bolmagyna ýardam edermi? Allany weOnuň dinini masgaralaýan sözleri eşidip, Allaha we Onuň dinine garşy söweşilýärkä çetde duran adama-da Alla dogry jogap bermäge ýardam edermi? Allanyňdinini we Pygamberini goramak üçin kellesini hem galdyrmaýan adama; ömrüni tükedip, ömründe Allaha hiç ybadat etmedik adama;Oňa ýekeje gezek hem sejde etmedik adama; gije-gündiz güýçden gaçýan mukaddeslikler üçin hiç kalby agyrmadyk adama; bu adama Allah:“Meniň Rebbim Alladyr” diýmäge ýardam edermi!! Seniň Rebbiň Alla bolmagy üçin, sen öňürti bilen Allanyň dini üçin, öz ýakynlaryň, çagalaryň, aýalyň, ene-ataň üçin gaharlanyşyňdan beter gaharlanmaly. Adamlaryň köpüsi (Alla bizi olaryň sanyndan bolmakdan gorasyn) ene-atalaryna dil ýetirilende gazaplanýarlar we olary goramak üçin ellerinde baryny edýärler. Ýöne bu adam Allany we dinini masgaralanlaryny, Allanyň we Pygamberiniň üstünden gülenlerini eşidende üns hem bermeýär, gynanmaýar.Biziň ýaşaýan şu döwrümiz, Pygamberiň (saw) üstünden gülünýän döwür boldy ahyryn. Bu adam bolsa, ömrünişady-horram ýaşaýar. Bu zeýilli adamlara Alla Tagala bu üç esas baradaky bu üç soraga dogry jogap bermeklige ýardam etjek däldir. “Kim seniň Rebbiň?” Seniň Rebbiň Alla bolmagy üçin sen öňürti Alla üçin ýaşamaly we Allanyň dini üçin ölmeli. “Aýt: Meniň namazym, gurbanym (ýa- da ybadatym), ýaşaýyşym we ölümim älemleriň Rebbi Alla üçindir. Onuň şärigi ýokdyr. Maňa şu emr edildi we Men musulmanlaryň ilkinjisidirin – diý.” (6/162-163).
Okamak gowy zat, amal etmek ondanam gozel
-
yurekgysanda
13 years ago
- AllAH razy bolsun
-
Bahbit
13 years ago
- Salam eziz musulman doganlar. Berekella ynsan agam höwri köp bolsun ýenede wagyzlaryñ agam.
-
Auditor
13 years ago
- Alla razy bolsun!
-
ependi
13 years ago
- ey sylapmen sen name ucin teswirlerda hristiyan a talyplarda musulman bolyan?
-
ynsan
13 years ago
- ependi men sylapmen dal oyun etdim dun:D men shukur
muzazzi 13 years ago- kop-kop sagbol alla senden razy bolsun.