Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Awstriýadaky ilçileri Awstriýanyň Federal ýeriniň Ştiriýa (Steiermark) — Graz şäherine baryp gördüler diýip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Sapara Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow hem gatnaşdy. Bu sapar Awstriýanyň «The eee group GmbH» kompanýasynyň dolandyryjy müdiri Stefan Dýussyň goldawy bilen guraldy. Ilçiler saparyň dowamynda Graz şäheriniň häkimi hanym Elke Kar, Ştiriýa federal ştatynyň gubernatory Kristofer Dreksler bilen duşuşdylar we Grazyň Tehniki uniwersitetine, Graz uniwersitetine baryp gördüler hem-de bu ýerlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, ilçilere Ştiriýadaky iri senagat kompaniýalarynyň wekilleriniň prezentasiýasy görkezildi.