Aşgabatda ýerleşýän «Veranda» restorany geçirilen düýpli abatlaýyş işlerinden soň, ýene-de gapylaryny giňden açdy. Restoran täze özboluşly stildäki dizaýna, ajaýyp tagamnama eýe bolmak bilen, indi bu ýerde tejribeli aşpez Jemşit Joraýew tagam taýýarlar. Jemşit bütin dünýäde giňden tanalýan baş aşpez Nüsret Gökçäniň okuwçysydyr. Ol bu ugurdan Stambulda ýörite okuw geçip, Aşgabada özboluşly aşhana stilini getirdi. Ussatlygy we her bir bölekleýin zatlara ünsli bolmagy Jemşidiň taýýarlaýan tagamlaryny has-da datly edýär. «Veranda» restoranynda esasy ähmiýetiň tagamnama berilýändigini bellemelidiris. Indi restoran saýlanan goşundylardan taýýarlanylýan steýklere ýöriteleşýär. Steýkler şireli, tagamly hem-de agzyňda eräp duran görnüşde bişýär. Şeýle hem, her bir myhmanyň öz islegine laýyk görýän naharyny saýlamagy üçin tagamnamada dünýäniň dürli aşhanalarynyň tagamlary göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, abatlaýyş işleriniň netijesinde restoranyň interýeri gözelleşdi. Döwrebap dizaýn, ýumşak reňkler hem-de göwnejaý atmosfera bu ýerde agşamlyk nahary üçin täsin gurşawy döredýär. «Eger siz tagamly naharlardan, stilli interýerden we myhmansöýerlikli atmosferadan lezzet alyp boljak ýeri gözleýän bolsaňyz, onda restoranymyz edil islegiňize laýyk ýerdir» – diýip, «Verandanyň» wekili belleýär. Habarlaşmak üçin: ýerleşýän salgysy: Oguzhan-Ankara köçeleriniň çatrygy, «Rysgal Bank» binasy, 5-nji gat; telefon belgileri: 644 - 644; sosial media ulgamyndaky sahypasy.