Aşgabatda Koreý dilini öwrenmek boýunça Patyşa Sejong adyndaky bilim merkezinde türkmen-koreý medeniýetiniň baýramy geçirildi. Çärä merkeziň 50 töweregi okuwçysy oňa gatnaşyp, Koreýanyň sungatynyň dürli ugurlarynda özleriniň bilimlerini we başarnyklaryny görkezdiler. Çärä gatnaşyjylara dürli çykyşlar, şol sanda koreý dilinde aýdym, K-pop stilindäki görkeziş tanslary, ýelpewaçly koreý milli tansy, türkmen milli tansy «küştdepdi» ýaly dürli çykyşlar hödürlendi. Şeýle hem koreý dilindäki komediýa we Taekwondo boýunça ussatlyk çykyşlary görkezildi diýip, Bilim merkeziniň metbugat gullugy habar berýär.