Ertir, 17-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergi öz işine başlar. Sergide Eýran Yslam Respublikasynyň 100-e golaý kompaniýasynyň harytlary we hyzmatlary hödürlener. Gurluşyk we gurluşyk önümleri, tehniki we inženerçilik hyzmatlary, suw hojalygy, energetika, nebit-gaz we nebithimiýa, bilim hem-de söwda ugurlary boýunça işleýän kompaniýalar ellä golaý pawilýonlarda öz sergilik diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrarlar. Mundan başga-da, 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-eýran işewürler maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň we eýran tarapynyň işewürleriniň arasynda geljekde ýakyn hyzmatdaşlyk saklamak üçin birnäçe resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Sergi 19-njy noýabra çenli dowam eder. «Bitarap Turkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, serginiň iş wagty: 17-nji noýabr — 10:00-dan 18:00-a çenli; 18-nji noýabr — 10:00-dan 18:00-a çenli; 19-njy noýabr — 10:00-dan 15:00-a çenli. Forumyň çäginde eýran kompaniýalary bilen Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda aragatnaşyk, gepleşikler we tejribe alyşmak boýunça birnäçe işewürlik çäreleri geçiriler. Çäräniň geçjek ýeriniň salgysy: Aşgabat, Çandybil Şaýoly, 143.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir