Lozadan, rotangdan ýa-da PWH-ýüpden örülen mebeller diňe bir jaýyň öň howly meýdançasyny däl-de, eýsem öýüň weranda otagyny, lojiýany we hatda öýüň naharhanasyny hem bezäp biler. Örülen mebelleriň ýeňil açyk siluetleri interýere rahatlygy hem-de şol bir wagtyň özünde howa giňişligini berer. Şu hili mebel köplenç pastel reňklerde taýýarlanylýar, hut şonuň üçin-de interýerde islendik reňk gammasy bilen ýeňil sazlaşykly gelýär. Türkiýäniň «NG Kutahya» santehnika we mebel dükany müşderilere örülen mebelleriň köp sanly görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerden diwanlary we kreslolary, pufikleri, yranýan oturgyçlary, kofe stollaryny, oturgyçlary we nahar stollaryny satyn almak bolýar. Şeýle mebeller bilen hemişe bilelikde gelýän ýumşak ýassyklar ony has amatly edýär, örtükleri hapalanan ýagdaýynda olary aňsatlyk bilen ýuwup bolýar. Şu günlerden başlap Täze ýyl baýramçylygyna çenli örülen mebelleri we beýleki harytlary «NG Kutahya» dükanyndan 50% arzanladyş bilen satyn alyp bolýar. Zerur bolan ýagdaýynda dükan satyn alnan harytlary Aşgabadyň çägine we beýleki welaýatlara eltip berýär. «NG Kutahya» dükany şu salgyda alyjylaryna garaşýar: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, «Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir