Şu gün Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň jemleýji gününde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly — köňül guşy» atly sahna eseriniň görkezilişi boldy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan esebi esasynda, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan eser Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanandyr. Eserdäki wakalar dag etegindäki türkmen obasynda Nowruzyň gelmegi bilen ýaýbaňlanyp, şahyryň atasy Döwletmämmet Azadynyň ölümi bilen baglanyşykly gynançly wakalara sepleşip, kem-kemden çuňlaşýar, dartgynlaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir