Režissýor Darren Aronofski milliarder Ilon Mask barada biografik film surata düşürer. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp, rbc.ru habar berýär. Ssenariýa işewüriň žurnalist Uolter Aýzekson tarapyndan ýazylan terjimehalyna esaslanar. Kitap şu ýylyň sentýabr aýynda çykaryldy. Neşiriň maglumatlaryna görä, ony ekranlaşdyrmaga hukuk gazanmak üçin birnäçe studiýa we kinematografçy dalaş etdi. Netijede, önümçilik bilen garaşsyz A24 kinokompaniýasy meşgullanar. 2015-nji ýylda “Stiw Jobs” biografik dramasynyň premýerasy boldy. Bu film hem Aýzeksonyň kitaplarynyň biriniň esasynda surata düşürildi. Apple korporasiýasynyň egindeş esaslandyryjysynyň keşbini Maýkl Fassbender janlandyrdy. Aronofski baş keşpde Brendan Freýzerli “Kit” (“The Whale”), Natali Portmanly “Gara guw” (“Black Swan”), Jennifer Lourensli “Eje!” (“Mother!”) ýaly filmleriň režissýorydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir