Aýdymçy we aktýor Jared Leto Nýu-Ýorkdaky «Empire State Building» binasynyň depesine çykdy diýip, Today habar berýär. Ol altynjy albomyny goldamak üçin täze “30 Seconds To Mars” atly dünýä syýahatynyň başlanmagynyň hormatyna 102 gatly gökdirän binanyň diwary bilen dyrmaşyp iň depesine çykdy. Onuň gastroly 2024-nji ýylyň mart aýyndan sentýabr aýyna çenli dowam eder. Leto binanyň gündogar tarapy boýunça 86-njy gatdan iň soňky gatyna çenli aralygy takmynan 20 minutda geçdi diýlip bellenilýär. 381 metrlik binanyň ýokarsynda aýdymçy täze albomyndan aýdym aýtdy. 51 ýaşly sazanda şäherdäki iň meşhur belent binalaryň biriniň diwaryna çykmaga resmi taýdan rugsat berlen we muny başaran ilkinji adam boldy. Leto munuň gyzyklydygyny boýun aldy, ýöne dyrmaşmak çydamlylygy we tutanýerliligi talap etdi. Şeýle hem, binanyň diýseň ýiti daşky burçlaryndan zeýrendi. Sözüni tassyklamak üçin sazanda žurnalistlere çep eliniň ýaralanandygyny aýtdy. Şikes alandygyna garamazdan, ol ýokary çykmagyny dowam etdirdi. Leto: “Dogrusyny aýtsam, alada etmekdenem beter, has tolgundym. Çynymy aýdaýyn, juda, juda kyn boldy. Bu iş meniň pikir edişimden has müşgil bolup çykdy "-diýdi. Artistiň ýokary çykyşyny görkezýän wideo Empire State Building-iň Instagramdaky resmi sahypasynda hem çap edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir