Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça braziliýaly türgen Aleks Pereýra Nýu-Ýorkda (ABŞ) geçirilen UFC 295 ýaryşynyň esasy söweşinde çehiýaly Irži Prohazkany ýeňdi. UFC-niň ýarym agyr agram derejesiniň çempionlygy ugrundaky tutluşyk ikinji raundda tamamlandy. Pereýra ilki Prohazkany nokdauna iberdi, soň bolsa ýumruk we tirsek urgulary bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, braziliýaly söweşiji titulyň eýesi boldy. Bu 36 ýaşly Pereýranyň MMA-da dokuzynjy ýeňşi boldy, şeýle hem onuň iki ýeňlişi bar. Ozal braziliýaly türgen Israel Adesanýany ýeňip, UFC-niň orta agram derejesiniň çempionlyk kemerine eýe bolupdy. Jogap duşuşygynda (rewanş) Adesanýa Pereýrany nokaut bilen ýeňdi we braziliýaly türgen ýarym agyr agram derejesine geçmek kararyna geldi. Prohazka ozal UFC-niň ýarym agyr agram derejesiniň çempiony bolupdy. Pereýradan ýeňilmegi onuň karýerasyndaky dördünji ýeňliş boldy, şeýle hem 31 ýaşly türgeniň 29 ýeňşi we bir deňme-deň tamamlanan tutluşygy bar.