Meşhur “Google Chrome” brauzeri ulanyjylara her saýtyň sarp edýän ýadynyň möçberi (RAM) barada duýduryş berýän täze funksiýa girizdi. Täze funksiýa brauzerdäki her açyk penjirede operatiw ýadyň sarp edilişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa ulanyjylara kompýuteriň işiniň haýallamagynyň we ulgamyň işinde näsazlyklaryň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär. Funksiýa “Memory Usage” diýlip atlandyrylýar. Ol saýtda ulanylýan RAM-yň sarp edilen möçberi barada maglumaty görkezýän penjire hökmünde döredildi. Bu maglumatlary kursory her saýtyň üstünde gezdirmek arkaly görmek mümkindir. “Memory Usage” funkiýasynyň kömegi bilen ulanyjy haýsy açyk sahypalaryň enjamyň çeşmelerini has köp sarp edýändigini kesgitläp biler we zerur bolmasa, olary ýapyp biler. Bu operatiw ýady boşadar we kompýuteriň umumy işleýşini gowulandyrar. Bu aýratynlyk ozal “Google Chrome-yň” beta nusgalarynda görlüpdi. Indi ol 2023-nji ýylyň noýabr aýynda çykyp başlan “Google Chrome 119” atly durnukly nusgada ähli ulanyjylar üçin elýeterli edildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir