Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III parlamentiň öňünde çykyş etdi. Bu monarhyň 1950-nji ýyldan bäri parlamente ilkinji ýüzlenmesidir. Şol wagt patyşa Georg VI (Ýelizelizaweta II-niň kakasy we häzirki monarhyň babasy) parlamentiň öňünde çykyş edipdi. Karl III eden çykyşynda parlamentiň täze mejlisi üçin premýer-ministr Rişi Sunak tarapyndan taýýarlanan kanunçylyk taslamasyny beýan etdi. Beýan edilmegine görä, bu ýerde gürrüň indiki parlament ýylynda kabul edilmegi meýilleşdirilýän 21 sany kanun barada barýar. Bu agyr jenaýatlar üçin ömürlik azatlykdan mahrum etmek, tussaglaryň nika baglaşmagyny gadagan etmek, şeýle hem polisiýanyň ygtyýarlyklaryny artdyrmak baradaky kanunlardyr.