Xiaomi Double 11-iň (11-nji noýabr) satuwynyň netijelerini yglan etdi: ähli platformalarda satuw 3 milliard dollardan geçdi we täze rekord goýdy, Xiaomi 14 bolsa dört esasy platformada öňdebaryjy boldy. 12-nji noýabrda irden Leý Szýun Weibo-da: "Düýn diýseň şowly gün boldy, Xiaomi 14 täze rekord goýdy!" diýip ýazdy. Double 11-iň aksiýasynyň dowamynda Xiaomi 14 JD.com-da 54n-den 820 dollar aralygyndaky satuwda iki gezek çempion, Tmall-daky satuwda çempion, Douýin-däki satuwda iki gezek çempion we Pinduoduo-daky satuwda hem iki gezek çempion boldy. Xiaomi 14 satuwa çykarylandan 5 minut soň, täze önüm öňki nesliň tutuş günüň dowamyndaky netijesini 600% ýokarlandyrdy, şeýle hem JD.com-yň, Tmall-iň, Douyin-iň we Kuaishou-nyň satuw sanawynda birinji ýeri eýeledi. Leý Szýun Xiaomi 14 seriýasynyň taryhy böküş edendigini sözüniň üstüne goşdy: “Xiaomi 14 seriýasy – bu biziň üstünligimiz. Xiaomi jübi telefonlarynyň has gowulaşjakdygyna ynanýaryn".

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir