Lucid kompaniýasy RangeXchange tehnologiýasynyň ornaşdyrylandygyny habar berdi. Munuň netijesinde Air elektrik sedany batareýasyndaky elektrik energiýasyny ýörite kabel arkaly beýleki elektrikli ulaglar bilen paýlaşyp biler. Täze önümiň mümkinçiliklerini görkezmek üçin startap öz awtoulagynyň Tesla nädip zarýad berýändigini görkezdi. Degişli programma üpjünçiligi satuwdaky täze Lucid Air-leriň ählisinde eýýäm bar. Ikitaraplaýyn Wunderbox zarýad berijisi 9,6 kWt güýji berýär. Bu adaty diwara gurlan öý zarýad beriş enjamynyň öndürýän zarýadyna deňdir. Täze tehnologiýa elektrik ulaglarynyň mümkinçiliklerini we ulanylyşyny giňeldýär. Olar energiýasyny diňe bir beýleki ulaglara däl, eýsem, mysal üçin, öýüň tok ulgamyna hem geçirip bilerler. Täzelik, esasanam, Lucid Air üçin amatlydyr, sebäbi modeliň ýöreýiş ätiýaçlygy rekord aralyga - 830 kilometre çenli ýetýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir