Argentinaly hüjümçi Lionel Messi 2022/23-möwsüminiň jemi boýunça “Inter Maýami” amerikan toparynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada toparyň metbugat gullugyna salgylanyp, Report agentligi habar berýär. Hüjümçi iki ýyl Fransiýanyň “PSŽ-sinde” çykyş edeninden soň 2023-nji ýylyň tomsunda “Inter Maýamä” erkin agent hökmünde geçdi we tiz wagtdan kapitan daňysyny aldy. 20-nji awgustda Messi Amerikada ilkinji kubogyny – Liganyň kubogyny gazandy. Klub üçin 14 oýundan soň Messiniň hasabynda 11 gol we bäş netijeli geçirim bar. MLS-iň yzygiderli çempionatynyň möwsüminiň jemi boýunça “Inter Maýami” ýaryşyň pleý-offuna saýlanyp bilmedi. 30-njy oktýabrda argentinaly hüjümçi karýerasynda sekizinji gezek “Altyn topuň” eýesi boldy. Messi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir