BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasynyň durmuşa geçirilişine syn bermek boýunça Komitetiň 21-nji sessiýasy (CRIC 21) 2023-nji ýylyň 13-nji noýabryndan 17-nji noýabry aralygynda Samarkant şäherinde geçirilýär. Bu barada Trend agentligi habar berýär. CRIC 21-iň işine 196 ýurtdan we Ýewropa Bileleşiginden 500-e golaý wekil, şeýle-de raýat jemgyýetiniň we ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşýar. Bu duşuşyk Konwensiýanyň strategiki maksatlaryna ýetmek ugrundaky ösüşi seljermäge gönükdirilendir. BMG-niň Konwensiýasyna gol çekileni bäri ilkinji gezek onuň iň möhüm çäreleriniň biri Merkezi Aziýada geçirilýär. Bu sessiýa möhüm döwürde geçýär, sebäbi BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasy tarapyndan hödürlenen soňky maglumatlar dünýäde her ýyl 100 mln gektara golaý sagdyn we hasylly ýerleriň ýitýändigini delillendirýär. Häzirki tendensiýalar saklanan ýagdaýynda, dünýäde ýerleriň zaýalanmagynda bitarap deňagramlylygy gazanmak üçin 2030-njy ýyla çenli 1,5 mlrd gektar ýeri dikeltmeli bolar. Ýöne, borçnamalary berjaý etmeklik we bar bolan çäreleri ýerine ýetirmegi çaltlaşdyrmaklyk kesgitlenen maksatlardan ýokary bolup biler. Belläp geçsek, BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasy döwlet we hususy pudaklaryň çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna we gurakçylygyň netijelerine garşy göreşmek üçin halkara derejesindäki tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen 1994-nji ýylyň 17-nji iýunynda kabul edildi. Konwensiýa 1996-njy ýylyň 26-njy dekabrynda güýje girdi, 2012-nji ýylda bolsa 195 ýurt tarapyndan tassyklandy. Türkmenistan hem bu Konwensiýa ilkinjileriň biri bolup, ýagny 1996-njy ýylda goşuldy we bir ýyldan, 1997-nji ýylda “Çölleşme hadysalaryna garşy göreşmek hereketleriniň Milli maksatnamasyny” işläp düzdi.