Londondaky Urbanizm akademiýasynyň pikiriçe, ýylyň Ýewropa şäheri Niderlandiýanyň Amersfort şäheri boldy. Bu barada aif.ru belleýär. Bu ady almak ugrundaky göreşde şäher Angliýanyň Ekseter we Ispaniýanyň Estepona şäherinden öňe geçdi. Dogry we delilli saýlaw etmek üçin akademiýanyň wekilleri diňe bir dalaşgär şäherleriň statistikasyny öwrenmän, eýsem şäherleriň her birine baryp, köçelere aýlandylar we şäheriň raýatlarynyň ýaşaýşyny öwrendiler. “Amerfort awtomobilleriň ulanylyşyny çäklendirmek çärelerinden başlap, dürli we ýokary hilli elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmeklige çenli öz raýatlarynyň abadançylygyna we bagtyna üns berýär” – diýlip, akademiýanyň emin agzalarynyň çözgüdinde aýdylýar. Uly bolmadyk Amersfort (bu ýerde 150 müňe golaý adam ýaşaýar) gury ýer we suw ýollarynyň çatrygyndaky oba hökmünde müňlerçe ýyl ozalky ýyl ýazgylarynda agzalýar, şäher statusyny bolsa XIII asyrda aldy. Ösüşe we döwrebaplaşdyryşa garamazdan, şäher özüne mahsus aýratynlyklary saklamagy başardy. Şeýle-de, Amersfort şäheriniň häkimi Lukas Bolsuisiň aýtmagyna görä, bir zat – şäherde ýaşaýan adamlar baradaky alada hemişe üýtgewsiz galypdy.