2024-nji ýylda Apple ähli iPad seriýalaryny täzelär, emma hut Air modeli kompaniýanyň ileri tutýan enjamy bolar. MacRumors neşiri, TF International Securities kompaniýasynyň belli insaýderi we seljerijisi Ming-Çi Kuo salgylanyp, bu barada habar berýär. Kuonyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Apple -iň esasy planşeti 12,9 dýuým ekranly täze iPad Air bolar. Täze Air-nyň ekrany IPS tehnologiýasy arkaly ýasalmagyny dowam etdirse-de, iPad Pro-nyňky ýaly oksidli birleşdiriji paneli bolar. Bu häzirki 10,9 dýuýmlyk iPad Air-nyňka garanda has gowy displeý öndürijiligini üpjün eder. Täze iPad Air -den soň, Apple kompaniýasy 11 we 13 dýuýmlyk täzelenen iPad Pro -ny hödürlär. Olar taze korpus dizaýnyny, OLED matrisany we M3 çip-i alarlar. Soňkusy 2023-nji ýylda Mac kompýuterlerinde peýda boldy. Kuo-da iPad mini we esasy iPad hakda iň az maglumat bar. Insaýder diňe 11-nji nesil iPad -yň çykarylmagynyň 9-njy nesil iPad -yň satuwynyň we önümçiliginiň bes edilmegine sebäp boljakdygyny bilýär. Apple -iň 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda täze iPad Air-ny, ikinji ýarymynda iPad Pro -ny hödürlemegine garaşylýar. iPad mini -niň we 11-nji nesil iPad -yň satuwy barada maglumat ýok.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir