Hytaýyň Huawei IT ägirdi Android programmalaryny goldamajak öz mobil operasiýa ulgamy bolan HarmonyOS Next-iň täze wersiýasyny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu barada IT-Home neşiri habar berdi. Android programmalaryny doly öçürmek üçin Huawei ulanyjylara deňeşdirip boljak alternatiw mazmuny hödürlemeli. Ony döretmek üçin wendor NetEase, Meituan, ByteDance, DingTalk we başgalar ýaly Hytaýyň beýleki IT kompaniýalaryny işjeň özüne çekýär. IT-Home-iň berýän maglumatlaryna görä, sanalan guramalaryň hemmesi täze Huawei OS üçin programma üpjünçiligini işläp düzmäge ukyply programmaçylary tapmak üçin eýýäm boş iş ýerlerini açdylar. Dalaşgärlere ortaça bazar derejesinden ýokary aýlyk hödürlenýär. Käbir kompaniýalar HarmonyOS Next -yň satuwyna eýýäm taýynlyk gördüler. Mysal üçin, Tongcheng Travel kompaniýasy öz amaly programmasynyň 2023-nji ýylyň ahyryna çenli täze OS üçin ýerli goldaw aljakdygyny mälim etdi. HarmonyOS Next üçin Tongcheng Trave wersiýasy bar bolan funksiýalaryň doly toplumyny alar. Ýagny, onda howa we otly peteklerini satyn almak, gezelençleri saýlamak we myhmanhanalary bron etmek mümkin bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir