2024-nji ýylda Apple iPhone-nyň käbir ulanyjylaryna diňe App Store-dan däl, eýsem, üçünji tarap çeşmelerinden hem programmalary gurmaga rugsat berer. Bu barada MacRumors Bloomberg-iň insaýderi we habarçysy Mark Gurmana salgylanyp habar berýär. Gurmanyň berýän maglumatlaryna görä, täze aýratynlyk diňe Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) iPhone-nyň ulanyjylaryna ýerli kanunlary ýerine ýetirmek üçin elýeterli bolar. Funksiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagyna 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda garaşylýar. Ol işläp düzüjilere programmalaryny diňe App Store -da däl, eýsem, beýlekilerde hem ýerleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýlelik bilen, olar Apple-e öz girdejilerinden 15-30% möçberinde komissiýa tölemän bilerler. Gurman täze programma gurmak ulgamynyň “berk gözegçilikde saklanjakdygyny” ýazýar. Hyzmat barada beýleki maglumatlar aýan edilmeýär. Apple programmalary ýükläp almagyň alternatiw usullary iPhone-nyň ulanyjylarynyň bil baglaýan “gizlinligini we howpsuzlygyny bozýar” diýýär. Täze ulgam adamlary zyýanly programma üpjünçiligi, kezzapçylyk, maglumatlary yzarlamak ýaly we beýleki kynçylyklara sezewar eder diýip hasaplaýar. MacRumors: "Eýeleýän ornuna garamazdan, Apple Ýewropanyň kanunlaryny berjaý etmeli, ýogsam ol dünýädäki girdejisiniň 20%-ine çenli jerime tölemeli bolar" – diýip ýazýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir