Tesla Cybertruck elektrikli pikaplarynyň eýelerine ulagy satyn alandan soň, bir ýyllap satmagy gadagan eder. Bu barada Business Insider habar berýär. Neşiriň habaryna görä, Tesla-nyň web sahypasynda ulanyjy şertnamasynyň täzelenen görnüşi peýda boldy. Resminama laýyklykda, Tesla Cybertruck-yň alyjylary eýeçiligiň ilkinji ýylynda pikaplary gaýtadan satmazlygy öz üstüne alýarlar. Şertleri bozýanlardan Tesla kazyýetiň üsti bilen 50 müň dollar ýa-da geleşik netijesinde alnan ähli girdejini talap edip biler. Mundan başga-da, Tesla şeýle müşderileri gara sanawa girizip, geljekde olara awtoulaglaryny satmakdan ýüz öwrüp biler. Cybertruck kysymly awtoulag diňe garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda satylyp bilner. Bu ýagdaýda ulagyň satyn alnyş bahasyndan her kilometr üçin 25 senti, ulanyş öweztölegini aýryp, ulagy satyn aljak esasy alyjy bolan Teslanyň özi habardar edilmeli. Eger teklip Teslanyň wekillerini gyzyklandyrmasa, onda Cybertruck-yň ikinji bazara satylmagyna rugsat berip bilerler. Tesla Cybertruck-yň bahasynyň 39,9 müň dollardan başlajakdygyny mälim etdi. Neşiriň habaryna görä, bahanyň üýtgemegi mümkin, pikaplaryň satuwy bolsa şu ýylyň 30-njy noýabrynda başlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir