Amerikanyň Birleşen Ştatlary COVID-19 pandemiýasy başlany bäri daşary ýurtly talyplaryň arasynda ýene-de iň meşhur bilim alyş merkezine öwrüldi. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldamagyndaky Halkara Bilim Instituty (Institute of International Education, IIE) tarapyndan her ýyl geçirilýän gözlegleriň netijesinde alnan san maglumatlary muny subut edýär. Institutyň berýän maglumatlaryna görä, 2022-2023-nji okuw ýylynda ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde 1 milliondan gowrak daşary ýurtly talyp hasaba alyndy, bu 2022-nji ýyldakydan 11,5% köpdür. Deňeşdirmek üçin, 2020-2021-nji okuw ýylynda, pandemiýanyň iň ýokary derejesinde wagty, beýleki ýurtlardan 914 müň talyp ABŞ-nyň uniwersitetlerinde okady. Gözlegiň netijesine görä, daşary ýurtly talyplar ABŞ-nyň ykdysadyýetine şu okuw ýylynda 38 milliard dollar goşant goşdy. Iň köp sanly daşary ýurtly talyby Kaliforniýa (138,3 müň), Nýu-Ýork (126,7 müň), Tehas (80,7 müň), Massaçusets (79,7 müň) we Illinoýs (55,3 müň) ştatlary kabul etdi. Okuw ugurlarynyň arasynda daşary ýurtly talyplar, köplenç, matematikany we kompýuter okuwlaryny (240,2 müň okuwçy), inženerçilik ylymlaryny (202,8 müň) hem-de işewürlik we dolandyryşy (157,2 müň) saýlaýarlar. ABŞ-da okaýan daşary ýurtlularyň arasynda Hytaýyň (289,5 müň) we Hindistanyň (268,9 müň) raýatlary agdyklyk edýär, olar ABŞ-daky ähli daşary ýurtly talyplaryň 53%-ini emele getirýär. Şeýle hem ilkinji bäşlige Günorta Koreýa (43,8 müň), Kanada (27,8 müň) we Wýetnam (21,9 müň) girýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir