Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Özbegistanyň milli ýygyndysyny kabul eder. Resmi duşuşyk 16-njy noýabrda sagat 19:00-da paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Häzirki wagtda türkmen milli ýygyndysy bu resmi duşuşyga taýýarlyk görýär. Ýygyndynyň baş tälimçisi Mergen Orazow ýygynda 30 töweregi futbolçy çagyryp, olar bilen türgenleşikler geçirýär. Mundan başga, noýabr aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýene-de bir resmi duşuşyk geçirer. Türkmenistan 21-nji noýabrda myhmançylykda Gonkongyň ýygyndysy bilen duşuşar. «E» toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndysy Eýranyň milli ýygyndysy bilen hem duşuşar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir