Kanadanyň Keýmbrij diýen ýerinde agramy 6,5 kilogram bolan bäbek dünýä indi. Maşgalabaşynyň sözlerine görä, ýakynlarydyr çaga dogrulýan öýüň işgärleri bäbegiň agramyna haýran galypdyrlar. «Biz bäbegiň uly boljakdygyny bilýärdik, emma şeýle uly bolar öýdemzokdyk» diýip, dogumy kabul eden akuşer-ginekolog Eýsa Ahimbisimbwe gürrüň berýär. Lukman Britniniň öňki iki bäbeginiň hem uly bolandygyny aýdýar. Oglanjygyň soňky 13 ýylda täze dünýä inen bäbekleriň arasynda iň uly agramlydygy habar berilýär. Ejesi Britni özüniň eje we kaka tarapdan ähli dogan-garyndaşlarynyň uzyn boýludygyny aýdýar we oglunyň şeýle uly bolmagynyň sebäbiniň şundadygyny nygtaýar diýip, «Fox News» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.