17 — 19-njy noýabr aralygynda AşgabatdaTürkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Iran Project» atly Eýran Yslam Respublikasynyň 15-nji ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Bu sergä Eýranyň öňdebaryjy 100-e golaý kärhanasy, ýagny gurluşyk pudagyna degişli (gurluşyk materiallary, daş, sement, keramika, plitkalar, kranlar we saglygy goraýyş enjamlary, elektrik enjamlary, kabeller, rozetkalar we jaýlary yşyklandyryş enjamlary) we tehniki-inženerçilik hyzmatlary hödürleýän kärhanalar (nebit, gaz, nebithimiýa, elektrik, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m.) gatnaşar. Sergi 17-nji noýabrda öz işine başlar. Şeýle-de 18-nji noýabrda Eýranyň we Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda tejribe, pikir alyşmak maksady bilen ykdysady hyzmatdaşlyk mejlisi geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir