Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Batyr Niýazliýew sloweniýaly kärdeşi Darýa Bawdaz Kuret bilen duşuşdy. Ilçihananyň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, duşuşykda syýasy we diplomatik hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini bellediler. Hökümetara we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda durnukly iş gepleşiklerini ýola goýmaga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan Sloweniýanyň ilçisi Türkmenistan bilen Ýewropa hyzmatdaşlygynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini belledi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir