ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa dowamly parahatçylygy gurmakda bilimiň ornuny pugtalandyrmak üçin ýokary derejeli dialogda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. «Ýokary derejeli dialog häzirki wagtda hiliň we degişli bilimiň nähili bolmalydygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň çar ýanyndan sesleri bir ýere jemledi» diýlip, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň habarynda aýdylýar. Duşuşykda bilim ministrlikleriniň we edaralaryň ýolbaşçylary dowamly parahatçylygy emele getirmekde işjeň orun eýelemek üçin bilimiň nähili bolmalydygy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, bu ugurda, şol sanda dürli bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde milli tejribäniň aýratynlyklary beýan edildi. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleriniň işgärlerinden ybarat wekilçilikli türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň 42-nji mejlisine gatnaşýar.