Şu gün «Türkmentel – 2023» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2023» innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemi jemlendi. Dabarada innowasiýa pudagyndaky dürli taslamalaryň awtorlary bolan ýaşlaryň arasyndan ýeňijiler yglan edildi. Bäsleşige hödürlenen jemi 42 sany taslama işleri degişlilikde 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlara mynasyp görüldi. Olara diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu barada HHM habar berýär. Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmak maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi her ýylda geçirilýär. Şu ýyl bäsleşige talyplar, mekdep okuwçylary we dürli pudaklaryň wekilleri tarapyndan ýedi ugur boýunça 320-ä golaý taslama hödürlediler. Mundan ozal Aşgabatda «Sanly çözgüt — 2023» milli bäsleşiginiň saýlama tapgyrynyň geçirilendigini habar beripdik.